Beýik Britaniýaly garyşyk söweş sungatynyň (MMA) söweşijisi Simeon Pauell «Professional Fighting League» (PFL) ýaryşynyň Şarlottada geçirilen tutluşygynda türkmen söweşijisi, PFL-iň ozalky çempiony Döwletjan Ýagşymyradowdan üstün çykdy.
Ýarym agyr agram derejesindäki söweş eminleriň aýry-aýry karary bilen Pauelliň peýdasyna tamamlandy.
Bu ýeňişden soň Pauelliň hasabynda 13 ýeňiş we 2 ýeňliş bar. Ýagşymyradow bolsa 26 ýeňşi we 1 deňligi bilen 9-njy gezek ýeňlişe sezewar boldy.