«Belet» striming platformasy «PFL Charlotte» ýaryşynyň çäklerinde garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradowyň britaniýaly Simeon Pauell bilen geçirjek söweşiniň öňüsyrasynda studiýadan göni ýaýlym gurar.
Söweş agşamy Aşgabat wagty bilen sagat 03:30-da başlanýar. Studiýadan alnyp görkeziliş esasy kardyň öňüsyrasynda, takmynan sagat 07:00-da ýaýlyma berler. Ýagşymyradow bilen Pauelliň arasyndaky esasy tutluşygyň Aşgabat wagty bilen takmynan sagat 08:30-da başlanmagyna garaşylýar.
Göni ýaýlymy Baýram Güjikow alyp barar. Studiýanyň myhmanlary hökmünde sport synçysy Döwlet Orazberdiýew, Ýagşymyradowyň çagalyk dosty we sekundanty Azat Joraýew, şeýle hem «Ýagşymyradow. Miras» dokumental filminiň awtory Ilaman Beknazarow çykyş ederler.
Göni ýaýlymda myhmanlar türgeniň öňde boljak söweşe taýýarlygyny we bu duşuşyga çenli geçen ýoluny giňişleýin ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan başga-da, olaryň Ýagşymyradow bilen şahsy gatnaşyklaryndan alan täsirleri, şeýle hem türgen barada düşürilen «Ýagşymyradow. Miras» dokumental filmi bilen baglanyşykly meseleler barada gürrüň ediler. Ýaýlymyň ahyrynda bolsa hünärmenler Ýagşymyradow bilen Pauelliň arasyndaky söweşiň nähili geçip biljekdigi baradaky çaklamalary bilen paýlaşarlar.
Göni ýaýlym «Belet» platformasynda tomaşaçylar üçin elýeterli bolar.