Turkmenportal logo
Şu gün 14:40
20462046
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mähriban Nur» onlaýn dükany: dünýä meşhur brendleriň kosmetikasy we parfýumeriýasy

Gözellik we ideg serişdeleri her bir zenanyň iň ýakyn hemralarynyň biridir. Emma häzirki wagtda köp sanly görnüşleriň arasyndan hakyky we ýokary hilli önümleri tapmak aňsat düşmeýär. Şol sebäpli «Mähriban Nur» onlaýn dükany ýurdumyzyň zenanlaryna dünýäniň iň meşhur brendleriniň hakyky kosmetika harytlaryny we parfýumeriýa görnüşlerini hödürleýär.

«Mahriban Nur» onlaýn dükanynyň esasy aýratynlygy — ähli harytlaryň diňe halkara Duty Free dükanlaryndan gertirilmegidir. Bu bolsa müşderilere hödürlenýän önümleriň 100% hakykylygyna, ýokary hil standartlaryna gabat gelýändigine doly kepillik berýär.

Dükanyň hödürleýän önümleriniň hatarynda derä ideg etmek üçin niýetlenen önümler, kosmetika we makiaž serişdeleri, şeýle hem dünýä belli parfýumeriýa brendleriniň saýlama atyrlary bar.

Mundan başga-da, «Mähriban Nur» onlaýn dükanynda önümleri sargyt etmek hyzmaty hem elýeterlidir. Ýurdumyzda tapdyrmaýan, diňe Duty Free dükanlarynda satylýan meşhur kosmetika we parfýumeriýa brendleriniň harytlaryny sargyt edip bilersiňiz.

Ähli harytlar, olaryň bahalary we täze gelen toplumlar barada doly maglumaty dükanyň resmi sahypasy arkaly bilip bilersiňiz.