Turkmenportal logo
Şu gün 13:07
31823182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«SpaceX Falcon 9» raketasynyň bölekleri Aýyň üstüne gaçdy
Surat: ont.by

«SpaceX Falcon 9» raketasynyň agramy 4 tonna töweregi bolan bölegi Aýyň üstüne gaçdy. Bir ýyldan gowrak wagt älemde gezen bölek 2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda 8688 km/s tizlik bilen (sesiň tizliginden ýedi esse çalt) Ýeriň hemrasyna uruldy. Bu barada «RBK» neşiri habar berdi.

Gürrüň «Firefly Aerospace» kompaniýasynyň gonuş modulyny Aýda gondurmak üçin geçen ýylyň ýanwarynda uçurylan göteriji-raketanyň ikinji basgançagy barada barýar. Adatça, şeýle derejeli raketalar atmosferada ýanýar ýa-da ummana gaçýar. Bu gezek welin, ol älemde galyp, zibile öwrülipdi.

NASA kosmos edarasy dört tonnalyk enjamyň urgusy netijesinde Aýda diametri 18 metr, çuňlugy 4 metre çenli krater dörändigini habar berdi.