Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy (ACCI) ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, söwda dolanyşygynyň.möçberini artdyrmaga we täze logistika zynjyrlaryny ösdürmäge gönükdirilen tapgyrlaýyn gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana wekiliýet ugratdy diýip, «ToloNews» habar berýär.
Saparyň çäginde owganystanly işewürler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, Owganystanyň ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem ýurduň demir ýol we beýleki ulag pudagyna degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda owgan tarapy Türkmenistanyň gündogaryndaky Türkmenabat şäherini Owganystanyň demirazyk welaýatlary we iri ykdysady merkezi bolan Mazari-Şerif bilen birleşdirjek täze üstaşyr ulag geçelgesini açmak baradaky teklip bilen çykyş etdi.
ACCI-niň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça direktory Ehsanulla Ehsanyň bellemegine görä, saparyň esasy maksady Owganystanyň hususy sektory bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda durnukly arabaglanyşygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Gepleşikleriň dowamynda owgan tarapy Türkmenistany 100 telekeçiden we maýadardan ybarat bolan wekilçilikli biznes-wekiliýetini Kabula ibermäge çagyrdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu başlangyjy goldady we sapary guramaga hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyglaryny tassyklady.