«Awtostat» seljeriş agentliginiň ýolbaşçysy Sergeý Selikow özüniň Telegram-ýaýlymynda russiýalylaryň satyn almakdan tas ýüz öwren awtoulaglarynyň sanawyny ýerleşdirdi.
Sanawa görä, şu ýylyň ýedi aýynda Russiýada bary-ýogy alty sany Opel, Jaguar we Alfa Romeo, ýedi sany Acura, on Fiat, 21 Peugeot, 36 Renault, 85 Citroen, 89 Tesla we 127 Genesis satyldy.
Deňeşdirmek üçin, şu döwürde 143 sany Rolls-Royce awtoulagy, 124 Bentley hem-de 120 Lamborghini satyldy.
Öň Sergeý Selikowyň geçiren pikirsoraşmasynyň jemlerine görä, täze ýeňil awtoulaglara ýurtda islegiň peselmegi banklardaky ýokary stawkalar bilen baglydyr. Bu sebäbi pikiri soraşylanlaryň 63 göterimi görkezdi. Ikinji sebäp ýurtdaky umumy ykdysady ýagdaý sebäpli ilatyň satyn alyş ukybynyň peselmegidir, bu barada pikirsoraşma gatnaşanlaryň 43 göterimi aýtdy. Russiýalylaryň ýene 25 göterimi dünýäniň iri awtoulag brendleriniň ýurda dolanyp gelmegine garaşýarlar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.