Turkmenportal logo
Şu gün 12:34
31513151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«The Guardian»: El-Nino 50 million adam üçin açlyk howpuny döredýär
Surat: theguardian

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä azyk maksatnamasy El-Nino tebigat hadysasy zerarly emele gelen yssy howa barada howsalaly duýduryş ýaýratdy, onda adatdan daşary yssy howanyň azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligine eltip, 50 million çemesi adamy açlyk howpuna sezewar edip bljekdigi bellenýär diýip, «The Guardian» habar berdi.

Seljerijileriň hasaplamalaryna görä, yssy howa ýiti azyk gytlygy ýagdaýyndaky adamlaryň sanyny 20 göterimden hem köp artdyryp biler. Şeýle adamlaryň sany netijede 274 mln-a ýetip biler. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, Afrikanyň etraplarynyň birgideninde ýüz millionlarça adama köp ýyllyk ýowuz guraklyk sebäpli doly iýmitlenmezlik howpy abanýar.

Ýakyn Gündogardaky harby wakalar hem dünýäde azyk önümleridir dökünlere nyrhlary güýçli gymmatladyp, ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrýar.

Şunda yssydan hemmelerden beter Merkezi we Günorta Amerikanyň, Karib basseýniniň, şeýle-de Afrikanyň günortasynyň ejir çekjekdigi bellenýär. Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada ygal ýetmezçiligi howp salýar, bu bolsa, öz gezeginde, şaly meýdanlarydyr tutuş oba hojalygyna çynlakaý urgy bolar.

El-Nino hadysasy Ýuwaş ummanyň ekwator böleginde suwuň üstüniň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýär. Ol, adatça, Günorta Amerikanyň günortasynda, ABŞ-nyň günortasynda, Somali ýarymadasynda we Merkezi Aziýada ýagyşlara getirýär. El-Nino iki-ýedi ýylda bir gezek bolup, 9-12 aý töweregi dowam edýär.