Turkmenportal logo
Şu gün 12:23
40364036
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba goýmak mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurtda bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin Onlaýn hasaba alyş ulgamy işlenilip taýýarlanyldy. Ýagny internet torunyň üsti bilen Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary we olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar gullugyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly daşary ýurt raýatlaryny hasaba goýup bilerler. Bu barada TDMG-niň metbugat gullugy habar berdi. 

Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn hasaba alyş ulgamy wagtyň tygşytlanmagyna, resminamalary elektron dolandyrmaga we işleri gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ulgam ýurtda migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrar hem-de gullugyň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder diýlip, habarda bellenilýär.