Turkmenportal logo
Şu gün 11:22
35373537
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ylmy žurnalistika» atly täze dersi žurnalistika boýunça taýýarlyk ugruna girizmek meýilleşdirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Maksatnamada hem-de meýilnamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, geljekde emeli aň ulgamynyň ylmyň, bilimiň, tehnologiýalaryň ösmegine ýetirýän täsiri barada makalalary taýýarlamak, teleradiogepleşikleri, onlaýn sapaklary geçirmek emeli aň bilen bagly ösüşleri wagyz eder.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ylmy dil we ylmy žurnalistika barada bilimleriň hem-de tejribeleriň ösdürilmegine ýardam berer. Netijede, «Ylmy žurnalistika» atly dersiň okuw maksatnamasyny taýýarlamak we ony žurnalistika boýunça taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamasyna girizmek meýilleşdirilýär.

Maksatnama laýyklykda, ýurduň teleradioýaýlymlarynda dünýä ylmynyň hem-de milli ylmyň gazananlary barada alymlar bilen söhbetdeşlikler geçiriler. Umumybilim, hünär tehniki, orta we ýokary hünär bilimi hem-de ylmy edaralarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça jogapkär işgärleriň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylar.

Ylmyň ähli ugurlary babatda dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny öwrenmek hem-de ylmy dolanyşyga girizmek boýunça makalalar, ylmy işler neşire taýýarlanar. Ylmy žurnallarda çap edilýän makalalaryň hili we mazmuny has-da kämilleşdiriler.