Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýanyndaky «Ykdysadyýetçi» okuw-önümçilik merkezinde gysga möhletli okuw kurslaryna resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.
Okuw aşakdaky ugurlar boýunça alnyp barylar: buhgalterçilik hasaba alnyşy, bank işi, telekeçiligiň we işewürligiň esaslary, işewürlik informatikasy.
Okuw tölegli bolup, onuň dowamlylygy 10 aýdyr. Resminamalar 30-njy awgusta çenli kabul edilýär.
Okuw kurslaryna orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýär.
Resminamalar Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesiniň 73-nji jaýynda ýerleşýän «Ykdysadyýetçi» okuw-önümçilik merkezinde kabul edilýär.
Okuwa girmek isleýänler merkeziň direktorynyň adyna ýazylan arza, orta bilim hakyndaky şahadatnama, bellenen nusgadaky lukmançylyk kepilnamasy, okaýan ýa-da işleýän ýerinden häsiýetnama, şeýle hem suratlary we pasportynyň göçürmesini tabşyrmalydyrlar.
Harby borçlular goşmaça hökmünde harby biletiň ýa-da hasaba alyş şahadatnamasynyň göçürmesini, şeýle hem (iş tejribesi bar bolsa) zähmet depderçesiniň göçürmesini hem tabşyrmalydyrlar.
Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 48-62-94.