Turkmenportal logo
Düýn 17:42
57185718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zendeýa ýylyň iň girdejili aktrisasy diýlip yglan edildi
Surat: rg.ru

2026-njy ýylda kinoönümçiliginde iň köp kassa ýygymlaryny getiren aktrisa diýlip, Zendeýa resmi ykrar edildi, muňa onuň birnäçe iri kinotaslamalary, şol sanda adamsy Tom Holland bilen bilelikde surata düşen filmleri hem sebäp boldy diýip, «Box Office Mojo» neşirine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Netijede, aktrisanyň filmleriniň jemi kassa ýygymlary 1,97 milliard dollara deň boldy. Zendeýanyň çykyş eden «Täze möý-adam» filmi prokatda 927 million, «Odisseýa» – 911 million we «Ine, hakyky drama!» filmi 132 million dollar gazandy. Dekabrda aktrisanyň surata düşen «Dýuna» filminiň 3-nji bölümi ekrana çykar.