Turkmenportal logo
Düýn 17:26
75897589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş orunlaryna işgärleri kabul edýändigini yglan etdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki sany boş iş ornuna — kätip we garawul-tehnik wezipesine işgärleri işe kabul edýändigini yglan etdi.

Kätip wezipesine 20 ýaşdan 45 ýaşa çenli, ýokary bilimli, rus, türkmen we hytaý dillerini erkin bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Dalaşgärlerden resmi hatlary we resminamalary taýýarlamak, terjime etmek hem-de resmileşdirmek başarnygy, ofis programmalaryny ynamly ulanmak ukyby, şeýle hem işewürlik etikasynyň kadalaryny bilmek talap edilýär. Terjimeçi hökmünde iş tejribesiniň we iňlis dilini bilmegiň artykmaçlyk boljakdygy bellenilýär.

Garawul-tehnik wezipesine 40 ýaşa çenli, orta hünär ýa-da tehniki bilimi bolan, rus we türkmen dillerini bilýän hem-de adaty abatlaýyş we tehniki işleri ýerine ýetirmek başarnygyna eýe bolan dalaşgärlere serediler. Degişli ugur boýunça iş tejribesiniň we hytaý dilini bilmegiň goşmaça artykmaçlyk hasaplanjakdygy aýdylýar. Şeýle hem dalaşgär işe kabul edilenden soň derrew işe başlamaga taýýar bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler rus ýa-da hytaý dilinde ýazylan, aragatnaşyk maglumatlary görkezilen terjimehalyny, içerki we daşary ýurt pasportlarynyň göçürmelerini, bilim baradaky resminamalaryň göçürmelerini hem-de bir sany reňkli fotosuratyny tabşyrmalydyr. Resminamalar chinaemb_tm@mfa.gov.cn elektron poçta salgysyna hatyň mowzugynda «Işlemek üçin arza — F.A.A.» diýen bellik bilen ýa-da Aşgabat şäheri, Arçabil köçesi, j. 45 salgysy boýunça degişli bellik edilen bukjada kabul edilýär.

Resminamalaryň deslapky seljermesiniň netijesinde bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar. Galan dalaşgärlere aýratyn habar berilmez. Söhbetdeşlikden üstünlikli geçen dalaşgär bilen ilki üç aýlyk synag möhletini göz öňünde tutýan zähmet şertnamasy baglaşylar. Synag möhleti üstünlikli tamamlanandan soň bolsa, onuň bilen hemişelik zähmet şertnamasy baglaşylar.