Turkmenportal logo
Düýn 17:23
57475747
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan ilkinji emeli hemrasyny uçurdy
Surat: Uzcosmos

5-nji awgustda Hytaýyň Şandun ülkesiniň kenarýakasynda “STAR.VISION” kompaniýasy tarapyndan «Samarkand-2028» we «Lampung-1» giperspektral emeli hemralary äleme uçuryldy. Bu Özbegistanyň milli kosmos maksatnamasyny ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrýan iň iri halkara taslamalaryň biridir we  ýurduň Hytaý bilen ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär diýip, «Daryo.uz» habar berdi.

«Samarkand-2028» enjamy oba hojalykda, ekologiýada, tebigy gorlary hasaba almakda, suw gorlaryny dolandyrmakda, adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmakda, şäher gurluşygynda we beýleki möhüm ugurlarda kosmos tehnologiýalaryny peýdalamak mümkinçiliklerini giňeldýär.

Kosmos enjamynyň «Samarkand-2028» adynyň özboluşly manysy bar. Ýagny ol 2025-nji ýylda Sidneýde geçen Halkara astronawtiki kongresde (IAC) kabul edilen çözgüt bilen bagly bolup, şol karara laýyklykda, 79-njy Halkara astronawtiki kongresi 2028-nji ýylda Samarkant şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.