Turkmenportal logo
Düýn 15:03
54745474
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da täze doglan bäbeklere rus adyny dakyp başladylar
Surat: ria.ru

ABŞ-da ýüzlerçe täze dünýä inen oglanjyklary Iwan diýip atlandyrýarlar. Bu barada ýurduň Durmuş üpjünçiligi gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Edarada soňky ýyllarda şeýle at dakylan bäbekleriň sanynyň 0,1 göterimden gowrakdygyny bellediler. Mysal üçin, 2025-nji ýylda Iwan atly bäbekleriň 2240-su hasaba alyndy, öňküsi ýyl bu san 2354-e deň boldy. Netijede, bu rus ady meşhur atlaryň 200-ligine girdi, birnäçe ýyl bäri ol 153-den 168-nji orunlarda ýerleşýär.

Ivan ady sanawda Donald we Jon atlaryndan hem öňe geçdi, 2025-nji ýylda bu atlar oglanjyklaryň degişlilikde, 395 we 230 sanysyna dakyldy.

ABŞ-da iň ýörgünli oglan ady Liam, gyz ady Oliwiýa boldy diýlip, habarda bellenýär.