Alymlar planetany halas etmegiň hatyrasyna Ýeriň ilatyny iki esse – 4 millarda çenli azaltmagyň zerurdygyny teklip etdiler. Bu barada «Daily Mail» gazetinde çap edilen ylmy barlagyň jemlerinde habar berilýär diýip, «rg.ru» ýazýar.
Habarda soňky 100 ýylda planetada adamlaryň sanynyň 2 milliarddan 8,3 milliarda çenli artandygy, adamzadyň ekoulgama täsiriniň bolsa, has güýçlenendigi hem-de durnuksyzdygy aýdylýar. Kömürturşy gazynyň zyňyndylary iki esse, energiýanyň sarp edilişi üç esse artypdyr. Oba hojalykda daşky gurşawy hapalaýan himiki serişdeler, zäherli dökünler işjeň peýdalanylýar. Zibiller, şol sanda Dünýä ummanynda plastik köpelýär.
Çaklama görä, XXI asyryň aýagyna çenli planetanyň ilaty 11,4 milliarda ýetip, bu ýagdaý heläkçilikli netijelere elter. «Ilat sanynyň azaldylmagy milliarlarça adamyň ömrüne howp salmaz, tersine, täze dünýä injekler üçin amatly şertleri döreder» diýip, ylmy barlagyň awtorlary belleýärler. Olaryň pikiriçe, ilat sanynyň artyşyny yza tesdirmek tebigatyň we adamyň bähbidine gönükdirilen işdir.
«Bu tebigy gorlara basyşy aradan aýrar, köp çaga dünýä inýän sebitlerde garyplygy ýok etmäge kömek eder, daşky gurşawyň hapalanmagyny hem-de gorlardyr immigrasiýa sebäpli gapma-garşylyklary kemelder» diýip, alymlar bu pikiri delillendirýärler.