Turkmenportal logo
Düýn 14:36
29282928
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birleşen Arap Emirlikleriniň weloklubunyň tälimçisi Türkmenistanda welotregiň ösdürilişine ýokary baha berdi

4 — 20-nji awgust aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysynyň hem-da Abu-Dabi (BAE) şäheriniň weloklubunyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär.

Ýygnanyşygyň çäklerinde türkmen paýtagtynda bolýan «Abu-Dabi» weloklubunyň tälimçisi Fahd Hoç ýerli welosport düzümine, ilkinji nobatda, olimpiýa standartlaryna doly gabat gelýän ýapyk welotrege ýokary baha berdi.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, ol kiçilikden bäri welosport bilen meşgullanýar — onuň hünär ýoly 1985-nji ýylda başlanypdyr. Onýyllyklaryň dowamynda toplanan türgenleşik, ýaryş we ýeňiş tejribesi soňra tälimçilik kesbine öwrüldi: ol bu gün ýokary netijeleri görkezýän welosportçularyň täze neslini taýýarlaýar. Fahd Hoç Türkmenistanyň döwrebap we sport taýdan ösen ýurt hökmünde özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Ýapyk welotregiň olimpiýa talaplaryna doly jogap bermegi tälimçide aýratyn ýakymly duýgy döretdi.

«Ýerli tregiň örtügi we ähli mümkinçilikler professional derejedäki türgenleşikler üçin örän amatly. Bu ýerde gazanyp bolýan tizlik, öwrümlere berlen kämil ýapgytlyk we zolagyň umumy hili türgenleşikleri mümkinçilikleriň iň ýokary çäginde geçirmäge şert döredýär» diýip, tälimçi nygtady.

Şeýle-de ol ýurduň welosporty ösdürmäge uly serişde bölüp berýändigini görmegiň özüne diýseň ýakymlydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Abu-Dabiden gelen toparyň düzüminde 28 adam bar, türkmen tarapyna bolsa baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň ýolbaşçylygynda 15 sportçy wekillik edýär. Bilelikdäki ýygnanyşyk döwründe welosportçular uly ýolda, takmynan, 1270 kilometr aralygy geçerler, Olimpiýa şäherçesiniň welotreginde bolsa alty sany türgenleşigiň we üç sany maslahatyň (seminar) geçirilmegi meýilleşdirildi. Ýygnanyşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň ýygyndysy Tailandda welotrek ýaryşlary boýunça Aziýanyň Kubogyna (28 — 30-njy awgust) hem-de möwsümiň baş ýaryşy bolan Ýaponiýada geçiriljek Aziýa oýunlaryna (29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr) gatnaşar.