Turkmenportal logo
Düýn 14:27
60186018
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly hünärmenler Týan-Şanyň buzlyklaryny gorap saklamak meselelerini öwrenýärler

Türkmenistandan bolan ýaş hünärmenler içerki Týan-Şanyň buzlaşma ewolýusiýasyny modellerşdirmek üçin maglumatlary ýygnamagyň metodologiýasyna bagyşlanan Halkara tomusky okuwa gatnaşýarlar.

Çäre 3 — 8-nji awgust aralygynda Yssyk-kölde geçirilýär. Okuwa gatnaşyjylaryň arasynda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gidrologiýa, meteorologiýa, gliasiologiýa we ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenler bar diýip, carececo.org sahypasynda habar berilýär.

Buzlyklaryň eremegi häzirki wagtda Merkezi Aziýa üçin esasy kynçylyklaryň birine öwrülýär. Sebite degişli suw resurslary, ilatyň howpsuzlygy we ykdysadyýetiň durnuklylygy gönüden-göni kriosferanyň ýagdaýyna baglydyr. Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli buzlyklaryň meýdany takmynan üçden bir bölegi azalyp biler, bu bolsa howply buzlyk kölleriniň we suw basmalaryň emele gelmek howpuny artdyrar.

Mekdebiň amaly saparlary Týan-Şan halkara ylym merkeziniň desgalarynda — Çon-Kyzyl-Suw gidrometeorologiýa stansiýasynda, Kara-Batkak buzlygynda we Yssyk-kölüň kenaryndaky Kara-Bulun köl çäklerinde geçirilýär.

Saparlary Bütindünýä bankynyň «RESILAND CA+» sebit maksatnamasynyň «Gyrgyz Respublikasynda durnukly landşaftlary dikeltmek» (RESILAND Gyrgyzystan) taslamasynyň çäginde Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belgiýadan, Fransiýadan we Ýaponiýadan bolan alymlar hem-de bilermenler alyp barýarlar.