Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna badalga berildi. Bu çäre 20-nji awgusta çenli dowam eder diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Abu-Dabiden gelen wekiliýetiň düzüminde klubuň dolandyryjysy, iki tälimçi, tigir ussasy hem-de 24 türgen bar. Myhmanlar «Türgenler» myhmanhanasynda ýerleşdiler. Olar türgenleşiklerini paýtagtyň Atatürk, Köpetdag köçeleriniň, Arçabil şaýolunyň, Gökdere jülgesiniň ýollarynyň ugurlarynda hem-de Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda geçirerler. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik edýän 15 türgen bolsa baş tälimçi Kakabaý Ataýewiň we onuň kömekçisi Igor Ýoldaşewiň ýolbaşçylygynda türgenleşiklere goşuldy.
— Şu gezekki çäräniň esasy maksady sentýabryň aýagynda, oktýabryň başynda badalga alýan welosiped ýaryşlarynyň möwsümine taýýarlanmakdyr. Oňa çenli Tailandda geçiriljek Aziýanyň kubogyna, Siriýada guraljak Arap döwletleriniň çempionatyna gatnaşmagy meýilleşdirýäris. Sport ýolumyň dowamynda birnäçe gezek Russiýa Federasiýasynyň çempiony hem-de halkara ýaryşlaryň ýeňijisi bolmagy başardym. Indi bolsa toplanyň tejribämi ýaş türgenler bilen paýlaşaryn — diýip, myhman klubuň baş tälimçisi Wladimir Gusýew gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.
Welosipedçiler Aşgabatda jemi 1270 kilometre golaý ýoly geçerler. Welotrek sport toplumynda bolsa alty türgenleşik hem-de üç okuw-usuly maslahat guralar. Bu ýygnanyşyk 2023 — 2025-nji ýyllarda hem yzygiderli geçirilipdi. Türkmen türgenleri şol ýyllarda Abu-Dabidäki halkara ýaryşlara gatnaşypdylar.
Aşgabatdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy tamamlanyndan soňra, milli ýygyndynyň welosport boýunça 28 — 30-njy awgustda Tailandda Aziýa kubogyna, şeýle hem 29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyna garaşylýar.