Braziliýaly Robson Žezus 2 ýyl 42 günüň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwletleriň 193-sinde hem bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «Metropoles» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Žezusyň syýahaty 2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Tailanddan badalga alyp, 2024-nji ýylyň aprelinde ol San-Paulu şäherine gaýdyp geldi. Ähli ýurtlara aýlanyp çykmak üçin Robsona iki ýyl 42 gün gerek boldy, ol her ýurtda ortaça üç gününi geçirdi.
Syýahatyň dowamynda Žezus Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 35, Ýewropanyň 49, Afrikanyň 54, Aziýanyň 44 we Okeaniýanyň 14 döwletinde boldy. Ol bu pikiriň özünde çagaka dörändigini gürrüň berdi.
Syýahat üçin Robson öz süýşüren 19,5 müň dollaryny harçlady. Galan çykdajylary sosial tordaky kontentiniň hem-de dürli kompaniýalar üçin fotosuratlardyr wideoşekilleriniň hasabyna ýapdy diýlip, habarda aýdylýar.