Belarusda häzir kollejlere giriş möwsüminiň tüýs gyzan wagty. Bu ýyl 70 müňe golaý mekdep okuwçysy hünär edinmek kararyna geldi. Olaryň arasynda lukmançylyk hünärlerine isleg ýokary, bu hünärlere daşary ýurtlardan gelen dalaşgärler hem uly isleg bildirýär diýip, «MIR 24»-iň habarçysy Polina Babuk gürrüň berýär.
Belarus lukmançylygynyň hiline Arkalaşygyň giňişliginde ýokary baha berilýär. Şonuň üçin talyplar bärde öňdebaryjy tejribäni edinmäge höwes bildirýärler. Minskdäki lukmançylyk kollejine resminamalaryny tabşyrmaga gelenler ir ertirden nobata durdular, sebäbi kollej ýurtda iň abraýly hünärmen okuw mekdepleriniň biri hasap edilýär.
Dalaşgär Döwlet Rüstemow Türkmenistandan gelipdir. Minskiniň lukmançylyk kollejine resminamalaryny ilkinjileriň hatarynda tabşyrypdyr. Ol diş lukmany bolmakçy.
Döwlet şeýle gürrüň berdi: «Bu kollejde örän gowy mugallymlar sapak berýär. Olaryň amaly bilim berşi-de örän ýokary derejede. Meniň üçin diş lukmany - adamlara owadan ýylgyryş peşgeş berýän adam». Döwletiň ýany bilen dosty Myrat Ataýew hem bu kollejiň talyby bolmakçy. Ol lukmanlar maşgalasyndan ekeni. «Men diş protezleýiş ugrundan bilim almakçy. Sebäbi enem hem, doganoglan agam-da lukman. Maňa Belarus ýaraýar, bu ýeriniň özboluşly tebigaty, howasy bar ekeni» diýip, Myrat aýdýar.
Minsk lukmançylyk kollejine bu ýyl Zimbabweden hem talyplar okuwa gelipdir. Olar tölegli görnüşde okadylýar. Daşary ýurtly talyplar üçin kollejde bilim almagyň tölegi 4 müň belarus rublundan gowrak diýlip, habarda aýdylýar.