Turkmenportal logo
Düýn 11:24
34173417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Halkara Parlamentariýler Kongresiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

4-nji awgustda Halkara Parlamentariýler Kongresiniň Baş sekretary, senator Sitara Aýaz Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasyna bardy.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşma geçirildi. Hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitiň parlament agzalarynyň arasynda dialogyň giňeldilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky institusional hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär. 

Şeýle hem taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny we parlament forumlaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle çäreleriň parlament diplomatiýasyny ilerletmek, kanun çykaryjylyk tejribelerini alyşmak hem-de sebit we global häsiýetli meseleler babatda çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edip biljekdigi bellenildi.

Türkmen diplomaty parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri goldady. Senator Sitara Aýaz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, bu netijeli dialog üçin hoşallygyny beýan etdi diýlip, habarda bellenilýär.