Turkmenportal logo
Düýn 10:24
57715771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär

Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär. Bu hyzmat birnäçe aý bäri ýurduň ýaşaýjylaryna «Amazon», «eBay», «Zara», «Victoria's Secret», «H&M», «Mango» we beýleki iri daşary ýurt internet dükanlaryndan haryt satyn alyp, olary göni Türkmenistana eltip bermäge mümkinçilik döredýär.

Hyzmatdan peýdalanmak we maglumatlar goldawy öňküsi ýaly türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde elýeterlidir.

Egin-eşik, aýakgap, elektronika, durmuş tehnikasy we beýleki harytlar üçin eltip bermek bahasyny hasaplamak, şeýle hem dürli görnüşli önümleri daşamagyň şertleri bilen TMDrops platformasynda tanşyp bolýar.

Goşmaça maglumatlary 075 belgili goldaw gullugynyň telefon belgisine jaň edip, alyp bilersiňiz.