Turkmenportal logo
05.08.2026
95469546
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan 25,6 müň tonna bugdaý uny taýýarlanyldy

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan welaýat boýunça ýetişdirilen galla hasyly gaýtadan işlenilip, ýokary hilli un we çörek önümleri öndürilýär.

2026-njy ýylyň birinji ýarymynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Hasabat döwründe bugdaý ununyň 25 müň 651 tonnasy öndürilip, bu babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, meýilnama 213,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu ýagdaý bugdaý ununyň öndürilişiniň iki esse artandygyny görkezýär.

Kärhananyň çörek we çörek önümlerini taýýarlaýan bölüminde hem önümçilik depgini has ýokary bolup, bu ýerde geçen ýylyň ýanwar — iýun aýlary aralygynda 50 tonna golaý çörek we çörek önümleri öndürilen bolsa, şanly ýylymyzyň degişli döwründe bu görkeziji 73 tonna ýetdi.

Şeýlelikde, çörek önümçiligi boýunça ösüş depgini 147,5 göterime barabar boldy. Önümçilik birleşiginiň «Altyn däne», «Yhlas», «Ak nan», «Ak merjen», «Bereketli saçak», «Rysgally galla», «Sünbül» çörek bişiriji sehlerinde taýýarlanylýan ýokary hilli we dürli görnüşli çörek önümleri kärhananyň garamagyndaky dükanlaryň we beýleki söwda nokatlarynyň üsti bilen alyjylara ýetirilýär. 

Birleşigiň önümçilik bölüminde 2 sany bugdaý degirmeni bolup, bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda ak bugdaýyň ak ununyň ýüzlerçe tonnasy taýýarlanylyp, alyjylara ýetirilýär. Mundan başga-da, bölümde bugdaý ýarmasy we kepegi taýýarlanylýar. 

Ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjy hasaplanýan bu kärhanada şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri 84 million 6 müň 400 manatlyk önüm öndürilip, ösüş depgini 109,2 göterime ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan 25,6 müň tonna bugdaý uny taýýarlanyldy | Turkmenportal.com