Turkmenportal logo
05.08.2026
78107810
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýada totuguş futbol oýny wagty oýunça hüjüm etdi
Surat: mir24.tv

Braziliýanyň Ýaşlar Kubogynyň bürünç medallary ugrunda «Flamengo» we «Seara» futbol toparlarynyň arasyndaky oýun wagty geň waka bolup geçdi. Oýun gidip durka oýunçylaryň birine uly sary-gök ara totuguşy hüjüm etdi.

17-nji minutda bolan wakada guş «Flamengonyň» oýunçysynyň üstüne topulyp ony çokjak boldy, ganatlary bilen kakmak isledi. Oýunça ýüzin ýere ýykylmakdan başga çäre galmady. Emin oýny saklady, haçanda totuguş meýdançany terk edenden soňra dowam etmäge rugsat berdi.

«CBF TV» teleýaýlymynyň habaryna görä, duşuşykda 2:1 hasap bilen «Seara» topary ýeňiş gazandy.

Braziliýada totuguş futbol oýny wagty oýunça hüjüm etdi | Turkmenportal.com