Turkmenportal logo
Düýn 12:43
75577557
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyby Şotlandiýanyň 2026-njy ýylyň Charles Scott baýragyna mynasyp boldy

Edinburg şäherindäki Heriot-Watt uniwersitetiniň talyby Arslan Hojanazarow Şotlandiýanyň Kepillendirilen buhgalterler instituty (ICAS) tarapyndan her ýyl gowşurylýan Charles Scott baýragynyň 2026-njy ýyldaky on iki laureatynyň biri boldy.

Bu baýrak buhgalterçilik hasaba alnyşy ugrundaky ýokary akademiki üstünlikleri we talyplaryň geljekki hünär mümkinçiligini ykrar etmek maksady bilen gowşurylýar. Şotlandiýadaky hyzmatdaş uniwersitetleriň her biri öz saýlama ölçeglerine laýyklykda okuwda iň ýokary netijeleri gazanan bir talyby baýrak üçin hödürleýär.

Baýragyň eýeleri ICAS tarapyndan hünär ýolunyň başlangyç tapgyrynda resmi taýdan ykrar edilýär. Şeýle hem olar buhgalterçilik hasaba alnyşy ulgamynda halkara derejede ykrar edilen gurama bilen hyzmatdaşlyk etmäge, pudagyň tejribeli hünärmenlerinden halypalyk goldawyny almaga, ICAS-yň maglumat platformalarynda tanadylyp görkezilmäge hem-de okuwlaryny goldamak üçin 150 funt sterling möçberinde pul baýragyny almaga mümkinçilik gazanýarlar.

ICAS-yň bilim meseleleri boýunça ýerine ýetiriji direktory Ket Dewani hyzmatdaş uniwersitetler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň geljekki kepillendirilen buhgalterleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Onuň sözlerine görä, bu baýrak geljekde hünäriň öňdebaryjy wekilleri boljak ýaşlary höweslendirmegiň we olaryň gazanan üstünliklerini ykrar etmegiň usullarynyň biridir.

Arslan Hojanazarowdan başga-da, 2026-njy ýylyň laureatlarynyň sanawyna Abertau, Edinburg Neýpir, Galzgo Kaledonian, Robert Gordon, Edinburg uniwersitetleriniň, Aberdiniň, Dandiniň, Glazgonyň, Sterlingiň, Stratklaýdyň we Günbatar Şotlandiýanyň uniwersitetleriniň talyplary hem girdi.

Şu ýylyň laureatlary Edinburg şäherindäki ICAS-yň baş edarasy bolan CA House binasyna çagyryldy. Olar bu ýerde kepillendirilen buhgalter hünäri, ICAS tarapyndan hünär derejesi üçin döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdylar we hünär ugry boýunça jemgyýetçiligiň içinde ilkinji işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýup başladylar.

Baýrak 1902–1993-nji ýyllarda ýaşan Çarlz Aleksandr Skottyň hormatyna atlandyrylypdyr. Ol akademiki görkezijileri höweslendirmek we bu pudagyň geljekki hünärmenlerini goldamak maksady bilen esaslandyryldy.