Turkmenportal logo
Düýn 10:23
69036903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň öňki futbolçysy Denis Titow «Rostowyň» esasy düzüminde resmi duşuşykda ilkinji gezek meýdança çykdy

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň öňki futbolçysy, Russiýanyň «Rostow» futbol klubynyň ýarym goragçysy Denis Titow resmi duşuşykda toparyň esasy düzüminde ilkinji gezek meýdança çykdy. Ol Russiýanyň Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Tolýattiniň «Akron» toparyna garşy geçirilen oýunda çykyş etdi.

Aşgabatyň «Feniks» futbol mekdebiniň ýetişdiren 19 ýaşly futbolçysy «Rostowyň» 4:0 hasabynda öňde barýan pursadynda, duşuşygyň 83-nji minudynda ätiýaçlykdan oýna goşuldy. Samara şäherinde geçirilen duşuşyk Rostow toparynyň 4:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Toparyň gollaryny Olakunle Olusegun (5-nji minutda), Ýaroslaw Mihailow (7-nji minutda), Imran Aznaurow (50-nji minutda) we Daniil Prohin (65-nji minutda) geçirdiler.

Mundan ozal Denis Titow möwsümiň ýarysyny Russiýanyň Birinji ligasynda çykyş edýän Nižnekamsk şäheriniň «Neftehimik» toparynda kärendesine geçirdi. Ondan öň bolsa üç ýylyň dowamynda «Rostowyň» ulgamynda çykyş etdi. Geçen möwsümde ol toparyň ýaşlar düzüminde 23 duşuşykda 8 pökgini tora girizdi.

Titow «Neftehimigiň» metbugat gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Aşgabadyň özi üçin hemişe dogduk şäher bolup galýandygyny aýtdy. «Dogduk we iň söýgüli şäherim! Meniň üçin bu şäheriň ähmiýeti örän uly. Sebäbi bu ýerde maňa iň ýakyn adamlar ýaşaýar» — diýip, ol gürrüň berdi.

Denis Titow futbola alty ýaşynda Aşgabatdaky «Feniks» toparynda başlady. Onuň ilkinji tälimçisi meşhur hünärmen Gurban Berdiýewiň süýtdeş dogany Batyr Berdiýew boldy. «Ilkinji tälimçimiň meşhur futbol tälimçisiniň süýtdeş dogany bolandygyna buýsanýaryn. Hut ol meniň geljekki ösüşim üçin zerur bolan ilkinji futbol başarnyklarymy kemala getirdi» — diýip, ýarym goragçy belleýär.

Titow 2022-nji ýylda Iordaniýada geçirilen ýetginjekler ýaryşynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzüminde üstünlikli çykyş edenden soň, «Rostow» klubynyň tälimçileriniň ünsüni çekdi we şondan soň bu kluba goşuldy.

Denis Titowyň agasy Mihail Titow häzirki wagtda Gyrgyzystanyň «Üzgen» futbol klubynda çykyş edýär hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň duşuşyklaryna yzygiderli çagyrylýar.