Turkmenportal logo
04.08.2026
30293029
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar

15-nji awgustda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Bu barada degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasy.

Jemgyýetçilik kabul edişligi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda guralýar.

Geçirilýän wagty sagat 9:00-dan 12:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20, 39-19-21.