Düýn Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Ministrligiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we edilen hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy — diýlip, maslahatda bellenildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamalaryň ösüş depgini 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmalarynyň ösüş depgini bolsa 102,4 göterime ýetdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 118,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime deň boldy.