Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalarynyň zähmet rugsady başlanyp, olar ýurduň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp bilerler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady diýip, TDH ýazýar.
Döwlet Baştutany 1-nji awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, bu zähmet rugsady oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine degişli däldir. Olar güýzüň ahyrynda, pagta ýygymy tamamlananyndan soňra zähmet rugsadyna çykarlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýedi aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.