Ispaniýanyň Seuta awtonom şäherine Demirgazyk Afrikadan bikanun gelen migrantlaryň 50 müňüsinden 48 müňüsi yzyna — Marokko dolandy.
«Armenpress» portaly şäherde ýagdaýyň kadalaşandygyny habar berýär. Ispaniýanyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, 30-nji iýulda Marokkodan Seuta 50 müň töweregi adam geldi. 31-nji iýulda olaryň 48,3 müňüsi meýletin yzyna dolandy. Seuta şäheriniň Hökümet başlygy Huan Hesus Wiwas migrantlaryň umumy sanynyň 60 müň bolup biljekdigini belledi. Olaryň bir bölegi şähere gury ýerden, beýleki bölegi deňizden aralaşypdyr. Habar beriş serişdeleri suwda gark bolan ýa-da serhetdäki basgyda heläk bolanlaryň sanynyň azyndan 67 adama deňdigini ýazýarlar.
Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes ýagdaýy ýurduň çäk bitewüliginiň hem-de garaşsyzlygynyň bozulmagy hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Seuta şäherinde howpsuzlygyň hem-de adaty durmuşyň dikeldilmegi üçin elde baryny etjekdigini aýtdy.