Turkmenportal logo
Düýn 00:04
1105911059
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.