Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.