Gyrgyzystana saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Yssyk-Kölüň ýakasynda ýerleşýän «Baku» myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabaranyň dowamynda belent mertebeli myhmanlar myhmanhananyň mümkinçilikleri we şertleri bilen tanyşdylar.
Ýeri gelende bellesek, «Baku Resort & Spa» — Yssyk-Kölüň ýakasynda ýerleşýän häzirki zaman bäş ýyldyzly myhmanhana toplumydyr. Şypahana toplumy oteli, kottejleri, kongres-holly, sagaldyş merkezini, sport we güýmenje desgalaryny, şeýle hem abadanlaşdyrylan kenarýaka zolagyny öz içine alýar. Toplum tutuş ýylyň dowamynda myhmanlary kabul etmäge hem-de halkara, işewürlik we medeni çäreleri geçirmäge niýetlenendir.