Turkmenportal logo
31.07.2026
1229412294
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekdiler  

Şu gün Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.

Döwlet Baştutanlary köp sanly wajyp meseleler boýunça öz pikirlerini we tekliplerini bildirdiler. Hususan-da, hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmäge, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berildi.

Resmi däl konsultatiw duşuşyk tamamlanandan soňra Prezidentler Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekdiler.

Ýeri gelende bellesek, Çolpon-Atada geçirilen bu forum şu ýylyň oktýabr aýynda Awazada geçiriljek Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyna özboluşly taýýarlyk bolup hyzmat etdi.