Turkmenportal logo
31.07.2026
1487214872
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «JEC Fund» gaznasy tarapyndan yglan edilen grantlaryň bäsleşigini mälim etdi

Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz resmi saýtynda 1970-nji ýylda geçirilen Expo Bütindünýä sergisiniň hatyrasyna döredilen «JEC Fund» gaznasy tarapyndan yglan edilen täze grantlaryň bäsleşigine badalga berlendigini mälim etdi. Grant bäsleşigine arzalar 2026-njy ýylyň 1-30-njy sentýabr aralygynda kabul ediler. Maksatnamanyň 2027-nji maliýe ýyly üçin umumy býujeti takmynan 135 million ýen möçberinde bolup, bir taslama üçin berilýän grantyň iň ýokary möçberi 5 million ýene deňdir.

Grant bäsleşigine aşakdakylar gatnaşyp biler: milli hökümetler, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetiň bähbidine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýän guramalar.

Aşakdakylar bu bäsleşige gatnaşyp bilmeýärler: şahsy taraplar we täjirçilik kompaniýalary.

Bäsleşigiň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça taslamalara goldaw berilýär:

  • Halkara medeni hyzmatdaşlyk – medeni alyş-çalyş maksatnamalary, dürli çäreler hem-de ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar.

  • Bilim başlangyçlary – bilim we akademiki ylmy-barlag ulgamyndaky taslamalar;

  • Ylmy taslamalar – halkara özara düşünişmegi ösdürmäge gönükdirilen ylmy-barlag işleri.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada jikme-jik maglumat bilen degişli salgylanma arkaly tanşyp bolýar.

«JEC Fund» gaznasy Osakada 1970-nji ýylda geçirilen Expo Bütindünýä sergisinden alnan girdejileriň hasabyna döredilip, köp ýyllardan bäri halkara medeni alyş-çalyşy, bilimi we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary goldap gelýär.