Turkmenportal logo
Düýn 17:28
86758675
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines 20-nji sentýabrdan Minsk şäherine gatnawlaryny täzeden ýola goýýar

Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan başlap, Stambul — Minsk — Stambul ugry boýunça göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar. Bu barada awiakompaniýanyň çap eden uçuş tertibinde habar berilýär.

Uçuş tertibine görä, gatnawlar hepdede ýedi gezege çenli amala aşyrylar. Goşmaça ilkinji gatnawlar 24-nji sentýabrynda başlanar we 3-nji oktýabra çenli dowam eder. Uçar Stambuldan 06:45-de uçup, 10:20-de Minsk şäherine gonar. Yzyna gaýdýan uçar bolsa Minskden 11:15-de ugrap, 14:50-de Stambula barar. 6-njy oktýabrdan başlap awiakompaniýa sişenbe, penşenbe we şenbe günleri yzygiderli tertip boýunça uçuşlary amala aşyrar. Uçuş wagtlary öňküligine galar.

Mundan başga-da, aýratyn bir jübüt gatnaw 20-nji sentýabryndan başlar. Bu gatnawlar duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler. Uçar Stambuldan 21:05-de uçup, ertesi gün 00:45-de Minsk şäherine gonar. Yzyna gaýdýan uçar Minskden 01:40-da ugrap, 05:20-de Stambula geler.

Şeýlelikde, Turkish Airline awiakompaniýasy Stambul bilen Belarusyň paýtagty Minsk şäheriniň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden dikeldýär. Awiakompaniýa ýolagçylara iki amatly uçuş wagtyny — irden we agşam ýerine ýetirilýän gatnawlary hödürlär.