Turkmenportal logo
Düýn 15:24
1133611336
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin Aşgabatda ýaşaýan, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weterany 98 ýaşy bilen gutlady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda ýaşaýan, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteran Tanýa Muşegowna Awakowany 98 ýaşy bilen gutlady. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 29-njy iýulda Aşgabatda ýaşaýan zähmet frontunyň weterany Tanýa Muşegowna Awakowa 98 ýaşady. Şol mynasybetli Russiýanyň diplomatlary onuň öýüne baryp, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlag hatyny gowşurdylar.

Bellenilişi ýaly, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Tanýa Muşegowna Awakowa Aşgabatdaky ýeňil senagat kärhanalarynyň birinde zähmet çekip, harby gullukçylara niýetlenen egin-eşikleri we harby lybaslary öndürmek arkaly fronta goldaw beripdir.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri Tanýa Muşegownany doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür arzuw etdiler.