Turkmenportal logo
Düýn 15:13
1056110561
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda resmi däl duşuşygy geçiriler.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyk 30-njy iýul — 1-nji awgust aralygynda Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde bolar.

Duşuşygyň barşynda baştutanlar söwda-ykdysady, energetika we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ulag geçelgeleriniň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary sebit howpsuzlygynyň möhüm meseleleri we halkara guramalaryň çäginde bilelikdäki hereketleri utaşdyrmak boýunça pikir alyşmagy maksat edinýärler diýip, metbugat gullugy belledi.