Turkmenportal logo
Şu gün 12:04
29332933
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Babadaýhan dokma toplumy ýarym ýylda 140 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi

Babadaýhan dokma toplumynda 2026-njy ýylyň alty aýynda 140 million 858 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende, bu babatda 130,1 göterimden gowrak ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bolan häzirki zaman kärhanasynda öndürilýän önümlere bazarda isleg örän ýokary.

31/1, 51/1, 68/1 belgili nah ýüplügiň, 85/1 belgili inçe daralan ýüplügiň hyrydarlary ýetik. Türkmen pagtasynyň gaýtadan işlenilmegi bilen öndürilýän bu görnüşli nah ýüplükleri dünýä ölçeglerine gabat gelýän eksport ugurly önümlerdir.

Ýylyň başyndan bäri kärhanada öndürilen «Mäne» haryt nyşanly ýokary ekologik talaplara hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän taýýar tikin önümleri tapgyrlaýyn sarp edijilere ugradyldy. Önümleriň belli bir bölegi Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlarynda, söwda nokatlarynda alyjylara ýetirildi.