Turkmenportal logo
Şu gün 11:35
40074007
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Rumyniýa AGRI energetika taslamasyny gaýtadan dikeltmegiň ýolunda

Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Mihaý Daraban bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew Buharest şäherinde geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýty habar berdi.

Duşuşygyň esasy üns merkezinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem Konstansa we Türkmenbaşy deňiz portlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklar boldy.

Mihaý Daraban Hazar sebitiniň, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa bazaryna çykarmagy göz öňünde tutýan AGRI taslamasyny gaýtadan dikeltmek baradaky teklibini tassyklady.

«Konstansa porty Azerbaýjanyň we Gruziýanyň ulag düzümlerine, şeýle hem BRUA gaz geçirijisine birikdirilmek arkaly Türkmenistandan Ýewropa tebigy gaz ibermegiň başlangyç nokadyna öwrülip biler. Şeýle taslama iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm itergi beriji güýç bolar» - diýip, ol belledi.

Ilçi Annamämmet Annaýew ýurduň ykdysady mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Şunda ol 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) 6,3 göterim artandygyny, şeýle hem ýurduň dünýäde subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýändigini nygtady.

Ilçi Türkmenistanyň baý energetika serişdelerine we durnukly ösýän ykdysadyýete eýedigini belläp, Türkmenbaşy bilen Konstansa portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şeýle hem Konstansa portunda türkmen harytlary üçin sebit paýlaýyş merkezini döretmek taslamasynyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň strategik daýanjyna öwrülip biljekdigini aýtdy.