Turkmenportal logo
Şu gün 11:16
31813181
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Goýunjyk Şon we elhenç tüýlek mahluk» multfilmi güýzde ekrana çykar
Surat: rg.ru

Doly göwrümli  «Goýunjyk Şon we elhenç tüýlek mahluk» (Shaun The Sheep: The Beast Of Mossy Bottom) multfilmi 18nji sentýabrda dünýä prokatyna çykar.

Täze bölümdäki wakalar Bütin keramatlylar gününiň öňüsyrasy bolup geçýär. Ýagny Şon atly goýunjyk özüniň oýlap tapyjylyk zehinine bil baglap, kynçylyklara garşy göreşýär. Fermanyň aljyraňňy eýesi Mossi-Bottom baýramçylygyň öňýany ähli kädi ekilen joýalary zaýalaýar. Hasyly halas etmek  we Hellouiniň esasy bezegi bolan kädileri gaýtaryp getirmek üçin Şon himik alym bolmak kararyna gelýär. Emma onuň synagy gözegçilikden çykýar: onuň hojaýyny – fermer syrly ýagdaýda ýitirim bolýar, şol bir wagtda tokaýyň eteginde nähilidir bir tüýlek gorkunç mahluk hem peýda bolýar. Fermanyň ähli ýaşaýjylary: çopan it Bitser, goýunjyklaryň sürüsi, mal lukmany birleşip, öz ýaşaýan ýerlerindäki başagaýlygyň öňüni almak üçin göreşýärler...

Ýeri gelende aýtsak, goýunjyk Şon barada animasion serial çagalaryň, hatda ulularyň arasynda-da giňden meşhurdyr. «Aardman Animations» kinostudiýasynyň önümi bolan bu multfilmiň birinji bölümi «Oskar» baýragyna hem hödürlenipdi.

«Aardman Animations» studiýasy öň hem «Towuk ketekden gaçyşlyk», «Ýabany pederler», «Uolles we Gromit» ýaly gyzykly animasion filmleri tomaşaçylara ýetiripdi.