Turkmenportal logo
Şu gün 10:40
56355635
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Hytaýyň Halk-azat ediş Goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

29-njy iýulda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hytaý Halk-azat ediş Goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Si Şumin gatnaşdy.

Türkmen tarapyndan kabul edişlikde Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary, Baş dolandyryş müdirligiň başlygy, polkownik Begmyrat Soltanow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministriniň — Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we ýurduň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan Hytaý Halk-azat ediş Goşunynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine gutlaglaryny ýetirdi.

Polkownik Soltanow öz çykyşynda döwletiň Ýaragly Güýçleriniň parahatçylygy, milli howpsuzlygy we ýurduň çäk bitewüligini üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ol goşunyň söweşjeň kuwwaty bilen onuň ruhy-ahlak taýýarlygynyň harby kuwwatyň iki esasy daýanjydygyny nygtady. Ol türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini, olaryň sebitde durnuklylygy saklamaga we ösüşi ilerletmäge ýardam berýändigini aýtdy.

Çykyşda iki ýurduň goranmak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Goranmak ministriniň orunbasarynyň bellemegine görä, harby-tehniki hyzmatdaşlyk hem-de harby bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Ol soňky ýyllarda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Hytaýyň harby-senagat toplumynyň iri kärhanalarynyň arasynda birnäçe möhüm şertnamalaryň baglaşylandygyny ýatladyp, özara bähbitleri nazara almak bilen bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Hytaý tarapyndan HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşesi, uly polkownik Huan Leý çykyş etdi. Ol Hytaý Halk-azat ediş Goşunynyň 1927-nji ýylda Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda döredilendigini we geçen 99 ýylyň dowamynda ýurduň milli garaşsyzlygyny, azatlygyny hem-de gülläp ösmegini üpjün etmäge uly goşant goşandygyny, şol bir wagtyň özünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde möhüm orun eýeländigini belledi. Onuň sözlerine görä, Hytaýyň Ýaragly Güýçleri döwlet özygtyýarlygyny, howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça öz wezipesine ygrarly bolup galýar hem-de separatizmiň ähli görnüşlerine, şeýle-de Hytaýyň içerki işlerine daşarky gatyşmalara garşy çykyş edýär.

Harby attaşe Hytaý bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny, dürli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny hem nygtady. Şeýle-de ol gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda hytaý tarapynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Dabaraly kabul edişlik HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Çärä gatnaşan myhmanlara türkmen we halkara aşhanasynyň tagamlary bilen birlikde hytaý milli tagamlarynyň hem dürli görnüşleri hödür edildi.