Keýko Fuhimori Peruwyň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi we bu wezipede ilkinji zenan boldy. Onuň wezipä girişmek dabarasy «Peru TV» teleýaýlymynda görkezildi diýip, TASS habar berdi.
Fuhimori kasam kabul ediş dabarasynda eden çykyşynda 2026-2031-nji ýyllar döwürde öz wezipe borçlaryny wepaly berjaý etjekdigini nygtady. Dabara Argentinanyň, Boliwiýanyň hem-de Çiliniň Prezidentleri gatnaşdylar.
51 ýaşly Keýko Fuhimori ýurduň öňki Prezidenti Alberto Fuhimoriniň gyzydyr. Täze Prezident öň 2011, 2016 we 2021-nji ýyllarda-da iň ýokary döwlet wezipesine saýlawlara gatnaşyp, her gezek ikinji tapgyrda ýeňlipdi.
Täze Prezidentiň ykdysadyýet pudagyndaky syýasy maksatnamasy önümçilik ulgamlaryny, şol sanda dag-magdan senagatyny, energetikany we gaýtadan işleýän senagaty basdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, täze iş ýerlerini döretmek hem-de telekeçiligi goldamak maksady bilen, höweslendirmekden ybaratdyr.
Fuhimori şeýle hem ABŞ we sebitiň ýurtlarynyň sagçy liderleri bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň tarapdarydyr.