Turkmenportal logo
Şu gün 09:22
49724972
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýaly alym Karlo Lippolis Türkmenistanda gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýär

Turin şäheriniň Arheologiýa ylmy-barlag merkeziniň direktory, Turin uniwersitetiniň professory hem-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Karlo Lippolis ylmy jemgyýetçilikde, şol sanda Gadymy Parfiýanyň taryhy we medeniýeti boýunça iň abraýly hünärmenleriň biri hökmünde giňden tanalýar.

Onuň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspedisiýa 1993-nji ýyldan bäri Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän, Parfiýa hökümdarlarynyň gadymy paýtagty bolan Nusaý galasynda gazuw-agtaryş işlerini alyp barýar.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy şäher häzire çenli ähli syrlaryny açanok. Hut taryhyň şu çözülmedik syrlary dünýä belli alymlary bu gadymy ýadygärlige gaýta-gaýta dolanmaga ruhlandyrýar — diýip, ussatnews.com saýty Karlo Lippolisiň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Ýakynda Karlo Lippolis arheolog Wirjiniýa Pelissero we topograf Mirko Furlanetto bilen bilelikde Nusaý galasynda şu ýylyň ýazky gazuw-agtaryş möwsümini üstünlikli tamamlady. Alymlar galanyň demirgazyk böleginde, ýerleşişine görä goranyş maksatly ulanylan bolmagy ähtimal iri desgany ýüze çykardylar. Şol ýerde dürli ululykdaky keramiki bölekleriň baý toplumy hem tapyldy. Bu tapyndylar gadymy Nusaýda küýzegärçilik önümçiliginiň ýokary derejede ösendigini tassyklaýar.