Turkmenportal logo
Şu gün 08:39
46704670
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen MMA söweşijisi Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy.

Bu wezipä bellenilendigini tassyklaýan Hormat haty oňa bütindünýä guramasynyň baş edarasynda geçirilen dabaraly çärede Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew tarapyndan gowşuryldy.

BMG-niň Dostluk oýunlaryny geçirmek başlangyjyny Türkmenistan öňe sürdi.

Garyşyk başa-baş söweş sungatynda 26 ýeňiş gazanan Döwletjan Ýagşymyradow bilen birlikde, Russiýanyň MMA söweşijisi Aleksandr Wolkow hem hoşniýetli ilçi diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Iýun aýynyň ortalaryndan başlap, BMG-ä agza döwletleriň we guramalaryň diplomatlary, şeýle hem guramanyň wekilleri 10 ugur boýunça geçirilen üçünji BMG-niň Dostluk oýunlarynda iň güýçlüleri kesgitlediler. BMG-niň Baş Assambleýasy Dostluk oýunlaryny her ýyl geçirmek baradaky Kararnamany 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul etdi.