Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde «Halk maslahaty — beýik tutumlaryň başlangyjy» atly tematik maslahat geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri beýan edildi hem-de ýurduň we jemgyýetiň mundan beýläk-de ösmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny geçirmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Maslahatda dürli ulgamlaryň we guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaşlar syýasaty, raýat awiasiýasynyň işiniň aýratynlyklary we howa gatnawlaryny guramak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de bu ugurdaky döwlet maksatnamalary, şeýle-de ulag pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurduň gazanan üstünlikleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişine, maglumat tehnologiýalaryny ösdürmäge we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, demir ýol ulagynda gatnawlary guramagyň tehniki aýratynlyklaryna aýratyn üns berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurduň iň möhüm jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň biri, şeýle hem onuň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança hökmünde ähmiýetine has giňden düşünmäge ýardam berýändigini bellediler.