Turkmenportal logo
Düýn 16:45
44924492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Allaberdi Saparow Astanada geçirilen «Geljegiň oýunlary — 2026» ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän «Geljegiň oýunlary — 2026» atly halkara köpugurly sport ýaryşynyň we «Phygital Sports Summit Astana 2026» Bütindünýä fijital-sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministrligi habar berýär.

29-njy iýulda başlanan ýaryş 9-njy awgusta çenli dowam eder. Oňa 35 ýurtdan 800 töweregi türgen gatnaşyp, olar sekiz sany fijital-görnüşinde çykyş edýärler. «Phygital International» guramasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda fijital-sport türgenleri, klublary, tehnologiýa kompaniýalaryny we sport guramalaryny birleşdirip, dünýäniň 115-den gowrak ýurdunda ösdürilýär.

Açylyş dabarasyna Gazagystanyň syýahatçylyk we sport ministri Ýerbol Myrzabosynow, BAE-niň sport ministri Ahmed Belhul Al Falasi, Russiýanyň sport ministri Mihail Degtýarýow, Özbegistanyň sport ministri Adham Ikramow, Azerbaýjanyň ýaşlar we sport ministri Farid Gaýibow, Belarusuň sport ministri Sergeý Kowalçuk, şeýle-de halkara sport guramalarynyň, tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri we dürli ýurtlardan gelen hünärmenler hem gatnaşdylar.

«Geljegiň oýunlarynyň» esasy aýratynlygy onuň klub formatynda bolmagydyr: adaty halkara ýaryşlardan tapawutlylykda, türgenler milli ýygyndylaryň däl-de, düzüminde dürli ýurtlaryň wekilleri bolup bilýän professional klublaryň adyndan çykyş edýärler.

Iň uly baýrak pulunyň möçberi «MOBA PC Dota 2» we «Battle Royale PUBG: Battlegrounds» ugurlarynda göz öňünde tutulyp, olaryň her biri üçin 1 million amerikan dollary berler. «MOBA Mobile MLBB» boýunça baýrak gaznasy 900 müň amerikan dollar, «Phygital Football» boýunça — 625 müň amerikan dollar, «Phygital Fighting» boýunça bolsa 500 müň amerikan dollar möçberindedir.