Turkmenportal logo
Düýn 12:15
1050210502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi

Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryndaky derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy I.Amanlyýew, Türkiýäniň wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki Döwletleri Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki özara saparlaryň türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde esasy orun eýeleýändigi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi hem-de ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda halkara guramalaryň çäklerinde garaýyşlary utgaşdyrmak we özara goldawy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň möhüm orny bellenildi. Söwda, ulag, energetika, gurluşyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanmalar beýan edildi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Ankara amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinji bilen duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.