Turkmenportal logo
Düýn 10:31
1225912259
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy

Şu gün, 29-njy iýulda Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlanýar. Talyplygyň bosagasyndaky möhüm möwsüm — ýurduň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin giriş synaglary 20-nji awgusta çenli dowam eder. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, okuwa kabul etmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi üçin şu günler ähli tagallalar edilýär. 13 — 26-njy iýul aralygynda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edildi.

Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 1 müň 239 orun köpdür. Täze okuw ýylyndan ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şolaryň 10-sy hünärmen, 4-si bakalawr, 6-sy bolsa magistr maksatnamalaryna degişlidir.

Şu ýerde ýurduň orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasyna dalaşgärlerden resminamalary kabul etmegiň 17-nji awgusta çenli dowam edýändigini bellemek gerek.