Turkmenportal logo
19.07.2026
57835783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zenit»  penaltiler tapgyrynda «Spartak» toparyny ýeňip, 10-njy gezek Russiýanyň futbol boýunça Superkubogyny gazandy

Sankt-Peterburgyň «Zenit» topary Russiýanyň futbol boýunça Superkubogy ugrundaky duşuşykda Moskwanyň «Spartak» klubyny ýeňdi. Oýun Nižniý Nowgorod şäherinde geçirildi we oňa 42 139 janköýer tomaşa etdi.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 25-nji minutda Kristofer Martinsiň goly bilen «Spartak» öňe saýlandy. «Zenit» bolsa goşulan wagtyň 90+8-nji minudynda Aleksandr Sobolewiň penalti urgusyndan geçiren goly bilen hasaby deňledi. Oýundan soňky penaltiler tapgyrynda Sankt-Peterburgyň topary 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde «Zenit» Russiýanyň Superkubogyny taryhynda 10-njy gezek gazanyp, bu görkeziji boýunça täze rekord goýdy. Topar mundan ozal bu kubogy 2008, 2011, 2015, 2016 we 2020–2024-nji ýyllarda hem eýeläpdi. Gazanylan kuboklaryň sany boýunça ikinji orunda Moskwanyň SSKA topary (8) ýerleşýär. Şeýle hem bu ýaryşda Moskwanyň «Lokomotiw» topary 3 gezek, Kazanyň «Rubin» topary 2 gezek, «Spartak» bolsa 1 gezek ýeňiji bolupdy.

«Spartak» Russiýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda bäşinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Topar 2022-nji ýylda «Zenitden», 2004, 2006 we 2007-nji ýyllarda bolsa SSKA-dan asgyn gelipdi.

Geçen möwsümde «Zenit» rekord derejede 11-nji gezek Russiýanyň çempiony boldy. «Spartak» bolsa ýurduň Kubogyny gazanyp, Superkubok ugrundaky duşuşykda oýnamaga hukuk gazandy. «Gyzyl-ak lybaslylar» bu kubogy taryhynda bäşinji gezek eýelediler.